Lebap welaýat hassahanasyna «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň önümleri gelip gowuşdy

Lebap welaýat köpugurly hassahanasyna «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynda öndürilen önümler gelip gowuşdy. Lukmançylyk edarasy hassalar üçin bir gezek ulanylýan maskalary, lukmançylyk başgaplaryny, halatlary, aýakgap örtüklerini we hassalar üçin ýorgan-düşekler bilen üpjün edildi. Bu önümler sowgat hökmünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan iberildi.

 

Ýaňy-ýakynda işe başlandygyna garamazdan, lukmançylyk önümlerini öndürýän kärhananyň ilkinji önümleri Lebap welaýatynyň köpugurly hassahanasyna gelip gowuşdy. Bu önümler iň ýokary talaplara laýyk gelýär. Şeýle hem ýakynda kompaniýanyň hil ulgamyna laýyklyk şahadatnamasyny alandygy bellärliklidir.

 

- Biz ýurdumyzda aýdylýan her bir sözüň hakykata öwrülýändiginiň ýene bir gezek şaýady bolduk. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilendigi barada habar berlenine bir aýyň hem geçmändigine garamazdan, bu ýerde durnukly iş ýola goýlupdyr. Türkmen kärhanasy tarapyndan öndürilen önümleriň lukmançylyk edarasyna gelip gowuşmagy bu ýerde sanitariýa ülňülerini saklamaga uly kömek berdi - diýip, Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň newrologiýa bölüminiň müdiri Ýusup Ergeşow aýdýar.

 

«Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habarynda lukmançylyk edarasynda ýurdumyzda lukmançylyk enjamlaryny öndürmek boýunça täze kärhananyň açylmagynyň importuň ornuny tutýan harytlaryň önümçiliginde möhüm ädime öwrülendigi tassyklanylýar.