Azerbaýjan we Türkmenistan mata böleklerinden gurama guramak sungatyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürleýär
Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary Azerbaýjanyň degişli bölümi bilen bilelikde mata böleklerini ýamamak arkaly “guramak” sungat eserini Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak boýunça degişli işleri alyp barýar. Bu hödürnama azerbaýjan tarapynyň başlangyjy bilen öňe sürüldi. Bu barada "Neýtralnyý Turkmenistan" gazetiniň sahypalarynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistan milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa habar berdi.
Mundan başga-da, milli topar Türkiýe Respublikasynyň Türk taryhy we medeniýet gaznasy (TURKTAV) bilen, sergi we kitaphana çärelerini giňeltmek arkaly, türkmen halkynyň medeni mirasyny ýaýratmakda hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin gepleşiklere başlady. Şeýle hem türkmen tarapyndan teklip edilen "Biziň mirasymyz" sebitleýin taslamasynyň çäginde birnäçe çäräni guramak meýilleşdirilýär.
Şeýle-de şu ýyl Türkmenistan we Täjigistan Respublikasy hem-de Eýran Yslam Respublikasy bilen bilelikde sallançak ýasamak we hüwdi ýerine ýetirmek däplerini Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin eýýäm degişli hödürnamanyň taýýarlanylandygyny bellemek gerek.