Aşgabatdaky Rus öýünde «Mihail Glinka. Sazly syýahat» atly sergi geçirilýär

Aşgabatdaky Rus öýi sizi 5-nji iýulda «Mihail Glinka: Sazly syýahat» sergisine gelip görmäge çagyrýar.

 

«Russiýanyň milli aýdym-saz muzeýi kompozitor M.I.Glinkanyň doglan gününiň 220 ýyllygyna bagyşlanan sergisini hödürleýär. Diňe şu ýerde kompozitoryň eserleriniň golýazmalarynyň asyl nusgasyny, dekorasiýalaryň we geýimleriň eskizleri we beýleki köp sanly gymmatlyklary görersiňiz. Çärede aýdym-saz otagyna baryp, şol ýerde M.I.Glinkanyň eserlerini diňläp bilersiňiz» - diýip, serginiň guramaçylary gürrüň berdiler.

 

Mihail Iwanowiç Glinka ömrüniň dowamynda köp syýahat etdi we Kawkazyň, Italiýanyň, Parižiň, Wenanyň we Warşawanyň gözelliklerinden ylham aldy. «Mihail Glinka. Sazly syýahat» sergisi rus milli operasynyň ýörite aýdym-saz bilimi bolmadyk ajaýyp kompozitoryna we döredijisine öwrülen ynsana bagyşlanýar.

 

Sergi 19:00-da başlanýar. Gatnaşmak üçin telefon arkaly deslapky hasaba alynmak zerur.

 

Iş günleri 18-00-a çenli (+99361) 51-03-98 telefon belgisi arkaly habarlaşyp ýa-da otdel_tm@mail.ru e-poçta arkaly ýazylyp bilersiňiz.