Astrahan sebitinde daşaýjylar Türkmenbaşy porty bilen gämi gatnaw ýoluny açmaga taýýar

Astrahan gämi gatnaw kompaniýalary, Hazar deňzinde Astrahan bilen Türkmenbaşy türkmen portunyň arasynda gämi gatnaw ýolunyň döredilmegine gatnaşmaga taýýar. Sebitde floty gurmak mümkinçiliginiň bar diýip, Sankt- Peterburg halkara ykdysady forumynyň (SPIEF) çäginde Astrahan sebitiniň gubernatory Igor Babuşkin aýtdy.

 

Ýylyň başynda Astrakanda, Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň wekilleriniň gatnaşmagynda Hazarda rus portlary bilen Türkmenbaşydaky türkmen portunyň arasynda yzygiderli gatnaw liniýalarynyň açylmagy barada gepleşikleriň geçirilendigi habar berildi. Deňiz gatnawynyň yzygiderliligi ähli gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady ösüşine goşant goşjakdygy bellendi. Hazar deňziniň üsti bilen Russiýa barýan halkara multimodal geçelge Gyrgyzystanyň üsti bilen Özbegistanyň çäginden geçip, gury ýer bilen Türkmenbaşy deňzine çenli baryp deňiz arkaly rus portlaryna haryt daşamagy çaklanylýar.

 

«Gämi gatnaw kompaniýalarymyz bilen [Astrahanyň Olýa porty bilen Türkmenbaşy portunyň arasynda] gämi gatnaw ýoluny açmak meselesini işläp düzdük we olar bu işe gatnaşmaga taýýar. Mundan başga-da, gämi gurluşykçylarymyz Hazar gämi gatnaw liniýalarynda işlemek üçin gämiler gurmaga taýýar bolup, olar ýeterlik tejribe we başarnyklara eýe. Bu, Demirgazyk- Günorta halkara ulag geçelgesinde ýük gatnawynyň ösmegine goşant goşar we Hazar deňzinden haryt daşaýarka ýük eýeleriniň çykdajylaryny azaldar»,-diýip Babuşkin aýtdy.

 

2022-nji ýylda Türkmenistanyň we Astrahan sebitiniň hökümetleri Astrahanyň 100 km günortasynda ýerleşýän Hazar basseýninde Russiýanyň esasy söwda porty bolan Olýa portunda respublikanyň logistika merkezini gurmak barada ylalaşdylar. Häzirki wagtda taslama üçin iş meýilnamasy işlenip düzülýär. Onyň durmuşa geçirilmegine iki ýyl gerek bolar diýlip garaşylýar.