Türkmenabadyň kärhanasy bäş aýyň dowamynda 8 müň tonnadan gowrak pagta ýagyny öndürdi
Lebap welayat «Azyk» önümçilik birleşiginiň Türkmenabat şäherindäki ýag arassalaýjy kärhanasynda üstümizdäki ýylyň bäş aýynda 4 müň 563 tonna arassalanmadyk, şeýle hem 3 müň 627 tonna arassalanan pagta ýagy öndürilip, önümçilik meýilnamasy doly ýerine ýetirildi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berildi.
Kärhananyň işgärleri içerki bazary isleg bildirilýän azyk önümleri bilen üpjün etmäge goşant goşýarlar. Bu ýerde tassyklanan meýilnama laýyklykda, ilatyň arasynda uly isleg bildirilýän pagta çigidiniň ýagy öndürilýär. Çig mal welaýatda bar bolan on bir pagta arassalaýjy zawoddan alynýar, pagta çigidi arassalanyp, galan bölegi tohumyň seçmek işleriniň tamamlanmagyndan soň gaýtadan işlemek üçin iberilýär.
Çig maly gaýtadan işlemegiň netijesinde kärhana 11 müň 380 tonnadan gowrak künjara, 7 müň 740 tonnadan gowrak kepek öndürdi. Pagta çigidini gaýtadan işlemekden alnan bu önümleriň bir böleginiň oba hojalygy ulgamynyň öndürijilerine arzan bahadan satylýandygyny bellemelidiris. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 24-nji sentýabryndaky gol çeken Kararyna esaslanýar.
Şol resminama laýyklykda, däne, pagta hem-de şeker şugundyryny öndürýän kärendeçilerden, ulanyjylardan we ýeriň eýelerinden döwlet buýurmalary esasynda kabul edilen dänäni, pagtany we şeker şugundyryny gaýtadan işlemekden alnan kepegiň, sarunyň, künjaranyň we şugundyr önümleriniň 50 göterimi döwlet bahalaryndan satylýar. Künjara we kepek haýwanlar üçin ýokumly iýmitdir. Olaryň oba hojalyk önümlerini öndürijilere satylmagy maldarçylyk üçin uly kömek boldy we et hem süýt önümleriniň mukdaryna we bahasyna oňyn täsir etdi. Netijede maldarlar hem, sarp edijiler-de uly peýda gördüler.