WIPO ýolbaşçylarynyň Türkmenistana saparyny guramak meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň (UNOG) ýanyndaky Hemişelik wekili W.Hajiýew bilen Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (WIPO) Baş direktory Daren Tangyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
2-nji iýulda bolan duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen WIPO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen geljegi uly ugurlar kesgitlenildi.
Habarda bellenilişi ýaly, hususan-da, intellektual eýeçilik pudagyna degişli Türkmenistandan hünärmenleri taýýarlamakda, bu ugurda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde, şeýle hem Türkmenistanyň BSG-ä girmeginiň çäklerinde tehniki kömegi bermekde özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri bellenildi.
WIPO-nyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana saparyny guramak meselelerine aýratyn üns berildi.