Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny beýan etdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Sammitiniň çäklerinde geçirilen wekiliýet baştutanlarynyň «ŞHG+» görnüşindäki duşuşygyndaky çykyşynda Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm ugurlarynyň hatarynda söwdany, senagat kooperasiýasyny, oba hojalyk ulgamyny, «ýaşyl» gün tertibini, maglumat tehnologiýalary ulgamyndaky hyzmatdaşlygy hasaplaýandygyny aýtdy.
Şeýle-de kiçi we orta telekeçiligi çekmek bilen serhetýaka we sebit işewürlik hyzmatdaşlygynyň nusgalarynyň geljegi uly hasaplanylýandygyny hem-de ynsanperwer ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmäge we işjeňleşdirmäge çalyşýandygymyzy beýan edildi.
«Taryhy-medeni mirasy öwrenmek; innowasion geljek; ýaşlaryň daşky gurşawy goramaga goşandy; ýaşlar telekeçiligi we işewürlik taslamalary ýaly ugurlar boýunça bilelikdäki ýaşlar maksatnamalaryny işläp taýýarlamak ugrunda çykyş edýäris» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, sport babatdaky hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýäris. Mälim bolşy ýaly, golaýda Aşgabat Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri derejesine mynasyp boldy. Bu dereje giň halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda ŞHG döwletleriniň türgenleriniň gatnaşmagy arkaly hyzmatdaşlyk üçin açyklygy göz öňünde tutýar.