Daşary ýurtlaryň ulag ministrleri – Türkmenistan bilen sebitleýin taslamalary ösdürmek ugrunda

Duşenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň maslahatyna gatnaşýan wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň binräçesini geçirdi.

Hususan-da, ol BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al-Mazuri, Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Makhamow, Täjigistanyň ulag ministri Aziz Ibrohim bilen hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy. Şeýle hem ol Eýranyň ýol we şäher ösüşi ministriniň orunbasary Şahriar Afandizade bilen duşuşdy.

Ýolbaşçylar döwletleriň arasyndaky ulag-üstaşyr aragatnaşyklary giňeltmegiň ýagdaýyna we geljegine, dürli geografik ugurlar boýunça, şol sanda Owganystany çekmek bilen sebitleýin taslamalary amala aşyrmagyň, Hazarda Türkmenbaşy portunyň kuwwatlyklaryny has doly ulanmagyň mümkinçiliklerine baha berdiler.

Şeýle hem ulag-üstaşyr işlerini ýönekeýleşdirmek, ýükler daşalanda resminama dolanyşygyna degişli päsgelçilikleri aradan aýyrmak, serhetýaka işlerindäki amallary ýeňilleşdirmek we tizleşdirmek üçin töleg hyrhlaryny salgytlary bir nusga getirmek we sazlaşdyrmak baradaky meseleler duşuşyklaryň gün tertibinde boldy.

Taraplar ýüze çykýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ulag guramalarynyň wekileriniň derejesinde yzygiderli esasda iş duşuşyklaryny dowam etmegi ylalaşdylar.