Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty ýanwar— maý aýlarynda Bakudan 200-den gowrak gämini kabul etdi

Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty üstümizdäki ýylyň bäş aýynyň dowamynda Bakudan 213 gämini kabul etdi. Gaýdyşyn ugur boýunça bolsa 214 gämi ugradyldy.

 

«Berkarar» we «Bagtyýar» türkmen gämileri şu döwrüň dowamynda deňizýaka respublikasyna 70 söwda gatnawyny amala aşyrdylar, wagonlarda we ýük awtoulaglarynda üstaşyr we import ýükleriniň on müňlerçe tonnasyny, şol sanda gurluşyk materiallaryny, metal konstruksiýalaryny, enjamlary we tehnikany eltip berdiler.

 

Her ýylda 300 müň ýolagça we 75 müň ulag serişdesine hyzmat edip bilýän Türkmenbaşynyň deňiz portunyň kuwwatlyklary  Ýewropany Merkezi Aziýa bilen, Gündogar Ýewropa ýurtlaryny Pars aýlagy bilen baglanyşdyryp, «Demirgazyk — Günorta» we «Günbatar — Gündogar» ugurlary boýunça söwda ugurlarynyň ösmeginiň esasy faktorlary bolup durýar.