“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi Koreýanyň deňiz enjamlaşdyryş assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürer

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ýolbaşçylary Koreýa Respublikasynyň deňiz enjamlaşdyryş assosiasiýasynyň sebitleýin wekili (KOMEA) Kang Nam Ýon bilen gepleşikleri geçirildi. Taraplar gämigurluşyk, milli deňiz flotyny we port infrastrukturalaryny döwrebaplaşdyrmakda özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

KOMEA-nyň wekili türkmen kärdeşlerini gämigurluşyk pudagynda özara hyzmatdaşlygy, hünärmenleri taýýarlamak we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak ugurlarynda bar bolan mümkinçilikler bilen tanyşdyrdy. Duşuşykda şeýle hem, “Balkan” gämigurluşy we abatlaýyş zawodynyň işini sanlylaşdyrmak we enjamlaýyn üpjünçilik meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenişi ýaly, türkmen gämigurluşyk zawody sebitde enjamlaýyn üpjünçilik merkezi bolup biler. Şunuň bilen baglylykda, myhman “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynyň binýadynda bilelikdäki kärhanany döretmegi teklip etdi.

 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny tassykladylar. Koreýa Respublikasynyň Söwda, senagat we energetika ministriginiň garamagynda hereket edip, assosiasiýanyň agyr senagata ýöriteleşen 285 sany agza kärhanasy hereket edýär.