«Halkbank» PTB tarapyndan fiziki şahslar üçin niýetlenen «Sanly karz» ulgamy ulanyşa giriziler
Ozal habar berşimiz ýaly, 5-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisiň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly ulgamy giňden ulanmak, innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda karzlaşdyrmakda “onlaýn” ýüztutmalar arkaly berilýän karzlaryň möçberlerini artdyrmak we “onlaýn” karzlaşdyrma amallaryny kämilleşdirmek boýunça degişli çäreleri durmuşa geçirmek wezipesi bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan öz müşderileri bolan fiziki şahslar üçin işlenip taýýarlanylan “Sanly karz” ulgamynyň mümkinçilikleri we artykmaçlyklary barada habar berdi. Hyzmatlaryň bu görnüşi Internet ulgamy arkaly müşderilere aralykdan hyzmat edilmegini, şol sanda banklar tarapyndan raýatlar üçin karzlaryň resmileşdirilmeginde sanly ulgamyň kömegi bilen ýeňillikleriň döredilmegini göz öňünde tutýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylýandygyny, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga we görnüşlerini artdyrmaga yzygiderli üns berilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Döwlet Baştutany «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan fiziki şahslar üçin niýetlenen «Sanly karz» ulgamyny ulanyşa girizmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.