Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlawlary başlandy

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlawlary başlandy. Şu gün ir bilen sagat 07:00-da degişli okruglar boýunça taýýarlanylan jemi 60 saýlaw uçastogynda ses bermeklige badalga berildi. Ses berlişik 19:00-da tamamlanar. Bu barada Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň resmi saýtynda habar berilýär.

 

Habarda bellenilişi ýaly, saýlawlar boýunça saýlawçylaryň jemi 86641-si hasaba alyndy.

 

Olardan Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk» saýlaw okrugynda 28478, 2-nji «Bitaraplyk» saýlaw okrugynda 29687, 6-njy «Köpetdag» saýlaw okrugynda 28476 saýlawçy hasaba alyndy.