Türkmenistan we Slowakiýa hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar: halkara gatnaşyklarynyň täze tapgyry

Ýurdumyzyň Slowakiýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Döwletara dialogy täze derejä çykarmak, syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, şu ýylyň 16-17-nji iýulynda Bratislawada Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri geçirmek teklip edilýär. Bu barada 5-nji iýulda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat beren wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow belledi.

 

Türkmenistanyň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Slowakiýanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygyň göz öňünde tutulýandygyny, slowak kompaniýalarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen netijeli işewür gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini nazara almak bilen, şu ýylyň 4-nji çärýeginde ýurdumyza dostlukly döwletiň işewür toparlarynyň wekilleriniň saparyny guramak teklip edildi. Şunuň bilen birlikde, 2024-nji ýylyň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işi tamamlamak hem-de şoňa laýyklykda, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Bratislawada hökümetara türkmen-slowak toparynyň mejlisini geçirmek baradaky teklip aýdyldy.

 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty esasynda dünýä ýurtlary, şol sanda Ýewropa ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň zerur ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministrine Türkmenistan bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmek boýunça zerur işleri geçirmegi dowam etdirmek tabşyryldy.