Türkmen logistika kompaniýalary sanlylaşdyrmak işinde Pribaltika ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk eder

“Türkmen Logistika” assosiasiýasy Latwiýanyň Ýük ekspeditorlar we logistika milli assosiasiýasy we Litwanyň Eksportçylar we logistler milli assosiasiýasy bilen özara düşünişmek hakynda ähtnamalara gol çekdi.

 

“ТRАСЕСА” ulag geçelgesini ösdürmäge gönükdirilen bu resminamalara gol çekişlik çäreleri türkmen wekiliýetiniň Latwiýa we Litwa döwletlerine bolan iş saparlarynyň çäklerinde geçirildi. Iş saparynyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleriniň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi.

 

USAID-iň we Gazagystanyň “Kazlogistics” Ulag birleşmesiniň ýardamy bilen guralan tanyşdyryş duşuşygynda logistika pudagynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça taslamalary taýýarlamak we durmuşa geçirmek boýunça ylalaşyldy. Şeýle hem ýurtlaryň degişli düzümleriniň bilermenleriniň arasynda özara geňeşmeleri yzygiderli guramak boýunça teklip öňe sürüldi.

 

Duşuşyga gatnaşyjylar “ТRАСЕСА” taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäginde durmuşa geçirilýän çäreleriň Aziýanyň, Kawkazyň we Ýewropanyň arasynda özara baglanyşygy berkitjekdigine ynam bildirdiler.