Azerbaýjanyň «Turan» topary Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky ilkinji duşuşygynda 13 gol geçirdi

Türkmen hünärmeni Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky Towuz şäheriniň «Turan» topary Azerbaýjan Respublikasynyň «Şamkir» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.  

 

Duşuşyk türkmen tälimçisiniň şägirtleriniň uly hasapdaky ýeňşi bilen tamamlandy — 13:0. Bu oýnuň 71 ýaşly tanymal hünärmeniň Azerbaýjanyň «Turan» toparyndaky ilkinji duşuşygydygyny bellemelidiris.

 

Berdiýewiň azerbaýjan toparyny şu ýylyň iýunyndan bäri türgenleşdirýändigini ýatladýarys.