Türkmenistan «Stipendium Hungaricum» maksatnamasynyň mümkinçiliklerine seredýär
Türkmenistan bilen Wengriýany hem dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklar baglanyşdyrýar.
Taraplaryň arasyndaky bilim ulgamyndaky özara gatnaşyklar bilen baglylykda, «Stipendium Hungaricum» maksatnamasynyň çäklerinde geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada 5-nji iýulda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren hasabatynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow belledi.
«Stipendium Hungaricum» Wengriýanyň talyp hakly döwlet maksatnamasy bolup, onuň üsti bilen Ýewropada tölegsiz esasda bilim almak mümkinçiligi hödürlenilýär. Wengriýadaky talyp hakly maksatnama 2013-nji ýyldan bäri hereket edip, ol öz işinde Wengriýa bilen dünýäniň beýleki ýurtlarynyň arasynda talyp hem medeni alyş-çalşygyny guramak ýörelgelerine esaslanýar.