Türkmenistan Hytaýdan üstaşyr ýük daşamalarynyň artdyrylmagyny maksat edinýär

Türkmenistan halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ulanyp, Hytaýdan üstaşyr ýük daşamalaryny artdyrmaklyga gyzyklanýar. Bu barada Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýew Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçiligini açyp görkezmek boýunça işewür duşuşygyň barşynda beýan etdi.

 

Duşuşyk Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasy tarapyndan «Huahe International Business Consultancy» hytaý kompaniýasynyň goldaw bermeginde Pekindäki «Инхэ» hukuk kärhanasynyň ofisinde gurnaldy. Oňa «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» AGPJ-niň pekin edarasynyň wekilleri, Hytaý-ŞOS synag zolagynyň we HHR-nyň demir ýollarynyň döwlet müdirliginiň wekilleri gatnaşdylar.

 

Türkmenistanyň ulag-logistika merkeziniň wekilleri Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portynyň we howa portlarynyň multimodal daşamalary artdyrmakdaky mümkinçilikleri hakynda gürrüň berdiler.

 

Öz gezeginde, Hytaýyň wekilleri türkmen kärdeşlerini sanly tehnologiýalary ýük daşamalaryny artdyrmaga integrirlemek boýunça logistiki çözgütler bilen tanyşdyrdylar. Olar şeýle hem Hytaý-Türkmenistan-ÝB ugry boýunça multimodal daşamalary ýola goýmak üçin çykyş etdiler.