Ählumumy awiasiýa ýük dolanyşygynyň ösüş depgini 14,7%-e ýetdi
Ählumumy raýat awiasiýasynyň ýük dolanyşygy 2024-nji ýylyň maý aýynda ösüş depginine eýe boldy. Şeýlelikde, Halkara howa ulaglary birleşiginiň (IATA) synyna görä, ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 14,7%-e ýetdi.
Howa ulagy arkaly ýük daşamalaryna isleg yzly-yzyna altynjy aý bäri iki belgili san bilen ösýär: bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende, dekabrda 10,8%-e, ýanwarda 18,4%-e, fewralda 11,9%-e, martda 10,3%-e, aprelde 11,1%-e deň boldy.
IATA-nyň baş direktory Uilli Uolşyň bellemegine görä, ähli sebitlerde howa gatnawyna isleg yzygiderli artýar. Bu söwdanyň ösmegi, elektron söwdany işjeň ösmegi, şeýle hem deňiz ulaglary pudagynyň çäkli geçiriş mümkinçilikleri bilen baglanyşyklydyr.
Daşamalaryň mukdary iň ýokary depginde Afrikada (18,4%), Aziýa – Ýuwaş ummany sebitinde (17,8%) we Ýewropada (17,2%) artdy, iň pes görkezijä Demirgazyk Amerika (8,7%) eýe boldy.