Türkmenabatdaky mugallymçylyk institutynda 1800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy peýda bolar

Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň okuwçylary üçin bäş sany umumy ýaşaýyş jaýy gurulýar. Olaryň her biri üç ýüz altmyş adam üçin niýetlenendir. Häzirki wagtda onuň daşky diwarlary mermer bilen örtülýär. Şeýle hem bu ýerde mugallymlar üçin on iki gatly binanyň we günde iki ýüz müşderini kabul etmek üçin ambulatoriýa bilen umumy ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy hem dowam edýär. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

 

Täze binalaryň gurluşygyna 2023-2024-nji okuw ýylynyň başynda girişildi. 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda talyplaryň nobatdaky okuw ýylynyň ilkinji gününi täze bilim binalarynda garşylamagyna garaşylýar.

 

Talyplar şäherçesini gurmak boýunça işler gurluşyk üçin bölünip berlen ýigrimi alty gektar meýdandadaky desgalary, şol sanda ýokary okuw mekdebiniň durmuş we ýaşaýyş jaýlaryny öz içine alýar. Şeýle hem bu ýerde ýedi ýüz orunlyk kitaphananyň, müň orunlyk naharhananyň, sport zalynyň, bäş ýüz orunlyk stadionyň, açyk sport meýdançalarynyň, ýörite çäreleri geçirmek üçin ýöriteleşdirilen üç meýdançanyň we beýlekileriň gurulmagy göz öňünde tutulýar.

 

Instituty bilim ulgamy üçin enjamlary öndürmäge ýöriteleşen dünýä belli kompaniýalar tarapyndan öndürilen iň ösen tehniki okuw esbaplary bilen enjamlaşdyrmak meýilleşdirilýär. Ýakynda bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň Germaniýa iş sapary guralyp, ýöriteleşdirilen nemes kompaniýalarynyň önümleri bilen tanyşdylar. Şeýle hem taslamany ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Ýaponiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden we Azerbaýjandan bolan belli öndürijileriň enjamlary bilen enjamlaşdyrmak göz öňünde tutýar.