Daşoguzyň «Çeper» tikinçilik fabrigi egin-eşikleriň 200 görnüşini öndürýär
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli bolan Daşoguzyň «Çeper» tikinçilik fabriginiň zähmetkeş topary şu ýyly uly üstünliklere besledi. Diňe ýylyň soňky alty aýynda ýurduň demirgazyk sebtindäki bu öňdebaryjy kärhanada umumy bahasy 9 million 69 müň manatdan gowrak bolan haryt öndürildi.
Döwrebap tehnologiýalary ulanmak, içerki bazaryň şertlerini göz öňünde tutup, dürli reňkli çydamly matalardan owadan önüm öndürmek, sarp edijiniň islegini yzygiderli öwrenmek esasynda nusgalaryň sanynyň artmagy ýokary netijelere ýetmegiň esasy görkezijisidir. Önümçiligiň girdejisi 12 göterime barabar boldy.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby bölümleri we beýleki hukuk goraýjy edaralar üçin harby eşikler, ýorgan-düşek, nebit-gaz ulgamynyň işgärleriniň, gurluşykçylaryň, aşpezleriň, jemgyýetçilik hyzmatlary pudagynda işleýänleriň, medeniýet, lukmançylyk edaralarynyň we beýleki ugurlaryň işgärleri üçin tikilýän ýörite eşikler uly islegden peýdalanýar.
Bu tomus günlerinde ýurduň demirgazyk sebitiniň ýerli sarp ediş bazarlarynda «Türkmenistanda öndürildi» diýen bellikli hem-de ekologiýa taýdan arassa tebigy çydamly pagta we trikotaž matadan tikilen zenan köýnekleri, halatlar, köýnekçeler, ýataňda geçmek üçin erkek adamlara niýetlenen eşikler, panamalar we başgaplar hemmeleriň üns merkezinden ornuny tapýar.
Bu ýerdäki ýokary öndürijilikli tehnologiki enjamlar 200-den gowrak egin-eşik görnüşlerini tikmäge mümkinçilik berýär. Daşoguzyň «Çeper» tikin fabriginde awgust aýynda bu kärhana bilen onuň ýanaşyk ýerlerinde guruljak adaty mekdep ýarmarkalary üçin çydamly matalardan önümleri tikilip başlanar.
Bular häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän başlangyç synp okuwçylary üçin torbalardan, zähmet sapaklary üçin eşiklerden, tahýalardan we sport eşiklerinden, gyzlar üçin milli köýneklerden ybarat. «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habar berşi ýaly, tikin fabriginiň dürli görnüşli önümlerini «Altyn Asyr» dükanyndan tapyp bolar.