Türkmen ekipažy ralli boýunça Russiýa Federasiýasynyň çempionatynda üçünji orny eýeledi

Şu günler Russiýanyň hem-de Mongoliýanyň çäginde dowam edýän «Ýüpek ýoly» ralli-reýdiniň çäginde awtosportuň şol görnüşi boýunça Russiýa Federasiýasynyň çempionaty hem geçirildi. Çempionat 5 — 8-nji iýul aralygynda geçdi. Bu ýerde guralan ýolsuz ýerde hereket edýän ulaglaryň arasyndaky T2 ýaryşynda Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgenleri, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň sürüjileri Merdan we Şöhrat Toýlyýewler uly üstünlige eýe boldular. Türkmen ekipažy bu abraýly ýaryşda üçünji orny eýeledi. Şeýlelikde, doganlar Merdan (sürüji) hem-de Şöhrat (şturman) Toýlyýewlere çempionatyň Kubogy gowşuryldy.

 

Çempionatda birinji orny Andreý Suşenkowdan hem-de Aleksandr Şanowdan ybarat bolan ekipaž eýeledi. Ikinji ýeri Anton Melnikow bilen ýolbeledi Anton Nikolaýew gazandy.

 

Biz doganlara 15-nji iýulda tamamlanjak «Ýüpek ýoly» halkara ralli-reýdinde hem uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.