Seçenow uniwersitetinde GDA ýurtlary üçin epidemiologiýa we suw üpjünçiliginiň gigiýenasy boýunça okuw kitaplary taýýarlanylar

I.M. Seçenow adyndaky Birinji Moskwa döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň alymlary tarapyndan taýýarlanylan epidemiologiýa we suw üpjünçiliniň gigiýenasy boýunça okuw kitaplary GDA ýurtlarynda tanyşdyrylar. Bu barada teklip Duşenbe şäherinde geçirilen “Durnukly ösüş üçin suw” ýokary derejeli Üçünji halkara maslahatynda beýan edildi.

“Biz GDA ýurtlaryndaky kärdeşlerimize bu okuw kitaplaryny öz dillerine terjime etmek üçin bilelikde işlemegi teklip etdi. Munuň özi biziň bilim işläp taýýarlamalarymyzy halkara bazaryna çykarmak üçin möhüm ädim bolar” – diýip, I.M. Seçenow adyndaky Birinji Moskwa döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň F.F. Erisman adyndaky Jemgyýetçilik saglygy institutynyň direktory Oleg Mitrohin aýtdy.

Häzirki wagtda okuw kitaplary iňlis we gazak dillerine terjime edildi. Zerur bolan halatynda Seçenow uniwersitetiniň alymlary bu okuw kitaplaryny GDA ýurtlarynyň her biriniň aýratynlyklaryny nazara almak bilen uýgunlaşdyrmaga ýardam bererler.