ŞHG ýurtlary ylmy grantlar maksatnamasyny ýola goýarlar

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlar aýratyn maliýeleşdirilýän bilelikdäki ylmy grantlar maksatnamasyny ýola goýmagy meýilleşdirýärler.

Bu baradaky ylalaşyk ŞHG ýurtlarynyň ylym ministleriniň duşuşygynda gazanyldy. Gazagystanyň ylym we ýokary bilim ministri Saýasat Nurbegiň aýtmagyna görä, eýýäm şu ýylyň ahyryna çenli ähli zerur resminamalar taýýar ediler we bilelikdäki ylmy barlag işleriniň ilkinji grantlary yglan ediler.

“Ýokary netijeleri almak üçin tagallalary birleşdirmek gerek” diýip ol belledi we ylmy talap edýän önümlere maýa goýmak üçin hususy kompaniýalara amatly şertleriň döredilmegini esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Şeýle hem Saýasat Nurbek Ylym gaznasynyň işine gaýtadan serediljekdigini belledi. Indi gazna hususy maýadarlar, maýa goýum gaznalary bilen işleşer hem-de bilelikdäki gaznalary döretmek üçin döwlet mehanizmini ulanar.