Gazagystanyň Prezidenti emeli aňyň kömegi bilen «Uly türki dil modelini» işläp düzmegi teklip etdi
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew emeli aňyň kömegi bilen «Uly türki dil modelini» işläp düzmegi teklip etdi. Bu başlangyç Türki döwletleriň guramasynyň Şuşada geçirilen resmi däl sammitinde öňe sürüldi diýip, Gazagystanyň halkara habarlar agentligi Prezidentiň kabulhanasyna salgylanyp habar berýär.
Tokaýew türki döwletler üçin özboluşly medeniýetini we milli dillerini gorap saklamak meselesiniň ähmiýetini belläp geçdi.
Şeýle hem Gazagystanyň döwlet Baştutany Merkezi Aziýada IT başlangyçlary bilen iş salyşýan «Astana Hub» tehnologiýalar parkynyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmaga çagyrdy.
Häzirki wagtda Hazar deňziniň düýbünden optiki-süýümli kabel çekmek boýunça işler alnyp barylýar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi özara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrar we sebitiň durmuş-ykdysady ösüşi üçin şert döreder.