Özbegistan we Eýran Türkmenistanyň üsti bilen multimodal geçelgäni ösdürmek barada ylalaşdylar

Özbegistan we Eýran Türkmenistanyň üsti bilen multimodal geçelgäni ösdürmek we özbek ýük daşaýjylary üçin tölegleri azaltmak barada ylalaşdylar. Ylalaşyklar Özbegistanyň Ulag ministri Ilhom Mahkamow bilen Eýranyň Ýol hojalygy we şäher gurluşygy ministri Mehrdod Bazrpoşyň arasynda geçirilen gepleşikleriň çäginde gazanyldy.

 

Duşuşykda taraplar ulag pudagynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy berkitmek, ulag geçelgelerini ösdürmek we bu ugurda bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Taraplar "Özbegistan - Türkmenistan - Eýran" üçtaraplaýyn ulag multimodal geçelgesini ösdürmek we ýakyn wagtda Eýranyň özbek milli ýük daşaýjylaryndan haryt daşamak işinde alýan ýygymlaryny deňlik esasynda azaltmak barada ylalaşyk gazandylar.

 

"Özbegistan - Türkmenistan - Eýran" geçelgesi Özbegistanyň Hindi ummanynyň deňiz portlaryna çykmagynyň esasy ugurlaryndan biridir. Çobahar portunyň çynlakaý mümkinçilikleri we Eýranyň ýolbaşçylarynyň oňa bil baglamagy portuň “Demirgazyk-Günorta” geçelgesi boýunça transýewraziýa üstaşyr akymlaryň möhüm nokady bolup durýandygyny ýene bir ýola tassyklaýar.