Türkmenistan we Eýran Artyk — Lotfabad gümrük nokatlarynyň iş möhletini uzaltmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň gümrük, serhet we migrasiýa gulluklarynyň wekillerinden, «Türkmenawtoulaglary» we «Türkmendemirýollary» agentlikleriniň agzalaryndan ybarat bolan türkmen wekilýeti iki ýurduň serhet bölümleriniň ikinji mejlisine gatnaşmak maksady bilen Lotfabaddaky gümrük gullugyna baryp gördi.

 

Eýran tarapyndan Lotfabad gümrük gullugynyň ýolbaşçysy we işgärleri, Razawi Horasan welaýatynyň häkimliginiň degişli bölümleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem Içeri işler ministrliginiň pasport-wiza meseleleri boýunça wekilleri gatnaşdy.

 

Duşuşykda taraplar Artyk — Lotfabad gümrük postlarynyň iş wagtyny noýabr aýyndan ýanwar aýyna çenli uzaltmak, özara maglumat alyşmak mehanizmini işläp düzmek, şeýle-de iki tarapdan hem ýük awtoulaglarynyň sürüjileri üçin wizalaryň berilmegini çaltlandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Şol bir wagtyň özünde hem, taraplar Lotfabad demir ýol geçelgesiniň mümkinçiliklerine garadylar.

 

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili ýygnaga gatnaşyjylara deslapky habarnamanyň kadalarynyň güýje girmegi barada habar berdi. Şol resminamanyň esasynda hem, 2024-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlap ýük daşaýjylar gümrük edaralaryna ýurda harytlaryň getirilmezden öň degişli maglumatlary berip bilerler.