Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary işler ministrleri strategiki hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

8-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow Astana iş saparynyň çäginde Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen duşuşdy. Bu hakda Gazagystanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

 

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Gazak-Türkmen hyzmatdaşlygynyň döwlet we syýasy, söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr, energiýa we medeni-ynsanperwer ugurlardaky geljegi, şeýle hem ýakynda iň ýokary derejede geçiriljek halkara çäreleriň iş tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Murat Nurtleu Raşit Meredowy Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilmegi, şeýle hem Astanada türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligiň açylmagy bilen gutlady.