«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabyň 1-nji tomy pars diline terjime edildi
Eýran Yslam Respublikasynyň Maşad lukmançylyk uniwersitetinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň pars diline terjime edilen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň birinji tomunyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Bu barada Türkmenistanyň Eýrandaky ilçihanasyna salgylanyp, HHM habar berdi.
Tanyşdyryş dabarasynda çykyş edenler bu ylmy ensiklopediýanyň eýranly lukmanlaryň arasynda uly gyzyklanma döredendigini bellediler. Onuň pars diline edilen terjimesi eýranly okyjylar üçin peýdaly bolar.
Çeşmäniň bellemegine görä, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy işiň pars dilinde neşir edilmegi, döwletara hyzmatdaşlygy has çuňlaşdyrmakda we giňeltmekde möhüm waka bolup durýar.