Aşgabatdaky Fransuz institutynda «Les Elles des Jeux» sergisi açyldy
9-njy iýulda Aşgabatdaky Fransuz institutynyň «Nadar» galereýasynda «Les Elles des Jeux» (Olimpiýa oýunlarynda zenanlar) sergisi açyldy.
Sergi 26-nji iýuldan 11-nji awgusta çenli Parižde geçiriljek Olimpiýa we Paraolimpiýa oýunlary – 2024-e bagyşlanýar.
Serginiň açylyş dabarasynda Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Filip Merlen çykyş etdi.
Milli «Nice» sport muzeýi tarapyndan hödürlenen sergi, ähli sport, esasan hem, olimpiýa dünýäsinde öz ornuny tapmak üçin onlarça ýylyny sarp eden zenan türgenleriň geçen ýoluny açyp görkezmegi maksat edinýär.
«Les Elles des Jeux» sergisi Aşgabatdaky Fransuz institutynyň «Nadar» galereýasynda 2024-nji ýylyň sentýabryna çenli, her gün sagat 9:00-dan 20:00-a çenli açyk bolar.
Giriş tölegsiz.
Fransuz institutynyň salgysy: Aga Garryýewa (öňki Sokolowskiý) köçesi, 69-njy jaý.