Ýewropa Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleriniň we Hazaryň üsti bilen ýük akymlarynyň uly ösüşine garaşýar
Ýewropada, Aziýada, Demirgazyk we Günorta Amerikada işleýän “Rhenus Logistics” nemes logistik kompaniýasy Gazagystan Demirýollary (KTŽ) bilen bilelikde Hazaryň Aktau we Kuryk portlarynda geçiriş kuwwatyny, has giň Hazar sebitindäki logistika merkezlerini we Aktauda konteýner merkezini ösdürmegi maksat edinýär. Olar Orta geçelgäniň üsti bilen, ýagny Transhazar halkara ulag ýoly arkaly has köp üstaşyr ýükleri çekmek isleýärler.
Taraplar Germaniýanyň Prezidentiniň Gazagystana amala aşyran soňky sapary wagtynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.
“Biz Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň güýçli ösüşine we konteýner ýük akymlarynyň köpelmegine garaşýarys. Aktau we Kuryk portlary Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky gatnawy birleşdirmek üçin Orta geçelgäniň möhüm merkezleri bolup durýar” – diýip, taslamanyň ýolbaşçysy we “Rhenus Group” kompaniýasynyň wekili Haýnrih Kerstgens aýtdy. Ol nemes logistik kompaniýasynyň maksadynyň Gazagystan Demirýollary bilen hyzmatdaşlygy Orta geçelge bilen Ýewropadaky torlaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin ulanmakdan ybaratdygyny aýtdy.
“Rhenus Group” kompaniýasynyň baş direktory Tobias Bartz Orta geçelgäniň diňe bir üstaşyr ýol hökmünde ähmiýetli bolman, eýsem 90 milliondan gowrak sarp edijisi bolan Merkezi Aziýa bazaryna elýeterliligi üpjün edýändigini aýtdy. Orta geçelgäniň hakyky mümkinçilikleriniň diňe Hytaýdan gelýän akymda däl-de, töweregindäki bazarlarda jemlelendigi Orta geçelgä gatnaşyjylaryň köpüsi tarapyndan nygtalýar.
Bilermenleriň pikiriçe, Orta geçelgäniň hakyky mümkinçilikleri Merkezi Aziýa bazarlarynyň ösüşi bilen baglanyşykly, sebäbi harytlary sebite getirmek we ondan äkitmek boýunça hyzmatlar “häzirki geosyýasy hakykatdan daşgary durnukly potensiala” eýedir – diýip, “Rail Freight” neşiri ýazýar.
Analitikleriň pikiriçe, sebiti Günbatar ýurtlary bilen birleşdirýän multimodal hyzmatlar bazar üçin uzakmöhletleýinligi bilen özüne çekijidir. Şeýle-de bolsa, olar geçirijilik mümkinçilikleriniň çalt ýokarlanmagyna garaşmaly däl diýip hasaplaýarlar, sebäbi ol heniz doly kuwwatynda ulanylmaýar. Muňa seretmezden, geçelge şu ýylyň aralyk netijeleri boýunça, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, ep-esli ösüş görkezýär.