Türkmenistan bilen Astrahanyň arasynda deňiz ulaglary üçin hünärmenleri taýýarlamak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsuly Gadam Ilamanow Astrahan sebitiniň General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynyň (HDDUI) ýolbaşçysy Olga Kartaşowa bilen duşuşdy. Duşuşyga Astrahan sebitiniň daşary aragatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow hem gatnaşdy.
Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygynyň habar bermegine görä, duşuşykda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary üçin hünärmenleri taýýarlamak meselesine aýratyn üns berildi. Taraplar ýokary we orta bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem HDDUI-de türkmen talyplarynyň sanyny artdyrmak barada pikir alyşdylar.
Gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirmek barada ylalaşyldy.