Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleri «World Heritage Journey» onlaýn-platformasyna ýerleşdirildi

Halkara «World Heritage Journey» onlaýn-platformasynda «Ýewropanyň Merkezi Aziýadaky medeni miras ýylynyň halkara taraplary» atly maksatnama boýunça Ýüpek ýoly barada ýörite bölüm döredildi.  Bu maksatnama Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär we Almatydaky ÝUNESKO-nyň Sebitleýin edarasy tarapyndan 2018-nji ýyldan bäri durmuşa geçirilýär.

 

«World Heritage Journey» platformasy islendik adama Bütindünýä mirasy we Ýüpek ýolunyň ugrundaky binagärlik ýadygärlikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýär.

Türkmenistan halkara «World Heritage Journey» onlaýn-platformasynda «Gadymyýetiň we döwrebaplygyň birleşýän ýeri» hökmünde tanyşdyrylýar. Oňa Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän «Beýik Ýüpek ýolunyň» özboluşly oturymly ýerleri we aýry-aýry desgalary girizildi: Köneürgenç, Zarawşan-Garagum, Gadymy Merw, Nusaý we beýlekiler.