Türkmenbaşy bilen Mahaçkalanyň arasynda ilkinji ýük gämisiniň gatnawy 2023-nji ýylyň ahyryna çenli ýola goýlar

Türkmenbaşy bilen Mahaçkalanyň arasynda konteýner ýükleri daşamak üçin 2023- nji ýylyň ahyryna çenli ilkinji ýük gämisiniň yzygider gatnawynyň ýola goýulmagy meýilleşdirilýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarow Mahaçkalada Dagystanyň döwlet häkimiýetleri bilen geçirilen duşuşykdan soň habar berdi.

 

“Häzir ilkinji konteýner gämisini Türkmenbaşy-Mahaçkala ugry boýunça diňe ýeke-täk däl-de, yzygiderli gatnaw hökmünde ýola goýmak mümkinçiligine garalýar. Biz telekeçileriň öňünde şu ýylyň ahyryna çenli gämini ýola salmak meselesini goýduk" – diýip, Ýelizarow aýtdy.

 

Onuň sözlerine görä, Türkmenbaşy we Mahaçkala portlarynyň arasynda parom hyzmatlary soňky gezek 2011-2012-nji ýyllarda bolupdy.

 

Söwda wekili sebite sapary wagtynda Dagystan hökümetiniň başlygy Abdulmuslim Abdulmuslimow bilen duşuşdy we 2022-nji ýylda Dagystan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 5%, importyň bolsa 80%-e ýetendigini aýtdy.