Türkmen dalaşgärleri ABŞ-nyň uniwersitetlerine girmek boýunça maslahatlary alyp bilerler

12-nji iýulda Aşgabatdaky Amerikan merkezinde «ABŞ-nyň uniwersitetlerine girmek, arzalary tabşyrmak we talyp haky almak boýunça amaly maslahatlar» atly maslahat geçiriler.

 

Bu ABŞ-nyň uniwersitetlerine giriş tertibine has çuňňur düşünmek we girişe bolan mümkinçiligiňi hem-de talyp haky nädip ýokarlandyrmalydygyny giňişleýin öwrenmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Tanyşdyryş 18:30-da başlanýar.

 

Bu tanyşdyryş maslahatyny Ýewraziýa strategiýasynyň müdiri Aýýa Hudaýbergenowa alyp barar.