“TürkmenTel-2023” Halkara maslahaty “Connect. Innovate. Commerce” şygary bilen geçiriler

“TürkmenTel-2023” Halkara maslahaty “Connect. Innovate. Commerce” şygary

bilen geçiriler. Şygar "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň başlygy Hajymyrat

Hudaýgulyýew tarapyndan täze Arkadag şäherinde geçirilen halkara

maýa goýum forumynda eden çykyşynda resmi taýdan yglan edildi.

 

— Akylly şäheriň gurluşygyna işjeň gatnaşmagymyz sebäpli, işimizi täze ugurda

giňeltmek üçin ajaýyp mümkinçiliklere eýe bolduk - diýip, Türkmenistanyň

telekommunikasiýa pudagynyň ýolbaşçysy aýtdy.

 

Akylly şäherlere maýa goýumlary ösüş üçin ileri tutulýan ugurlaryň birine

öwrülýär we Türkmenistan bu ugurda möhüm orna eýedir. Akylly şäherler halkara

platformalarda möhüm mowzuga öwrülýär, ol “TürkmenTel-2023” Halkara

maslahatynyň hem gün tertibine goşular, oňa aýratyn bölüm bagyşlanar – diýip,

Hudaýgulyýew belledi.

 

— Tehnologiýalaryň amatlylygy, netijeliligi we dowamlylygy üpjün edip,

durmuşymyzyň ähli taraplaryna oňyn täsir edýändigini görýäris. Akylly

şäherlerdäki täzeçillikler, innowasiýalar raýatlaryň durmuşyny gowulaşdyrmak,

çeşmeleri optimizirlemek we ykdysadyýeti ösdürmek üçin çäksiz mümkinçilikleri

açýar – diýip, agentligiň başlygy sözüne goşdy.

 

Ol Maýa goýum maslahatyna gatnaşýanlary “TürkmenTel - 2023” halkara

forumyna gatnaşmaga we geljegimiziň aýrylmaz bölegine öwrülýän akylly şäherler

pudagynda innowasion pikirleri alyşmaga çagyrdy.

 

“TürkmenTel” telekommunikasiýa, telemetriýa, ýaýlym enjamlary we IT pudagy

boýunça her ýyl geçirilýän halkara maslahat bolup, ol öňdebaryjy kompaniýalaryň

gatnaşmagynda bilermenler konferensiýasyny we pudaklaýyn sergini birleşdirýär.

2023-nji ýylda forum 9-10-njy noýabrda Aşgabatda, Söwda-senagat palatasynyň

binasynda geçiriler.