15-nji iýulda Türkmenistanda okuwa kabul etmek möwsümi başlanýar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine we orta hünär okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak hakynda Buýruga gol çekdi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.
Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly — 26-nji awgusty aralygynda guramak, giriş synaglaryny bolsa olaryň ýerleşýän ýerlerinde geçirmek tabşyryldy.