Çagalar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
12-nji iýulda Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we saglyklaryny dikeldýän çagalara edermen gallaçylaryň gazanan ajaýyp zähmet ýeňşi mynasybetli hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy.
Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan durmuş ugurly syýasaty rowaçlyklara beslenýär. Dabaranyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Olar sazlaşykly ösüşi we sagdyn bolmaklary ugrunda yzygiderli alada edilýändigi üçin lukman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Bu ýerde çagalara ýörite sowgatlaryň gowşurylmagy dabaranyň ýatda galyjy pursatlara beslenmegini şertlendirdi.
Ähli zerur şertleri özünde jemleýän we dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen merkezde bejergi alýan, saglyklaryny berkidýän çagalar özleri hakynda edilýän atalyk alada üçin lukman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Çagalaryň belent ruha beslenen çykyşlarynda, joşgunly goşgularynda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň waspy öz beýanyny tapdy.