“Türkmenaragatnaşyk” agentligi iki daşary ýurt kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekdi

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi “NEC Telecommunication Information Technologies Ltd.Sti” we “Delta Telecom Ltd” kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnamalary baglaşdy.

 

Degişli resminamalara gol çekmek dabarasy 2-nji iýulda geçirilen “Arkadag şäheri — sanly we “akylly” tehnologiýalaryň mekany” atly halkara ylmy maslahatynyň çäklerinde geçirildi.

 

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi we “NEC Telecommunication Information Technologies Ltd.Sti” kompaniýasy telekommunikasiýa, sanlylaşdyrmak we aragatnaşyk pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmek, innowasion tehnologiýalary, kiberhowpsuzlygy we beýleki ugurlarda özara tejribeleri alyşmak boýunça ylalaşdylar.

 

“NEC” kompaniýasy baş dolandyryş edarasy Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda ýerleşýän telekommunikasiýa, elektron, kompýuter tehnikalaryny we enjamlaryny öndürýän dünýäniň iň iri kompaniýalarynyň biridir.

 

Azerbaýjanyň “Delta Telecom” Kawkaz ýurtlary sebitinde öňdebaryjy operator bolmak bilen, ol internet trafigi we beýleki telekommunikasiýa hyzmatlary ulgamynda türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlyk eder.