Gyrgyzystan Türkmenistanyň üsti bilen uzajak täze ugry açmagy meýilleşdirýär
«Trendiň» Gyrgyzystanyň Prezidentiniň administrasiýasynyň ýolbaşçysy Akylbek Žaparowyň sözlerine salgylanyp beren habarynda Gyrgyzystanyň Türkmenistanyň üsti bilen täze ugur açmagy meýilleşdirýändigi aýdylýar.
Ol muny 25-nji gyrgyz-rus hökümetara komissiýasynyň plenar mejlisinde we Krasnoýarskda (Russiýa) bolan 11-nji gyrgyz-rus sebitara maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.
Çykyşynyň dowamynda ol ýakyn wagtda Russiýanyň we Hazaryň üsti bilen harytlary eltip bermek boýunça täze ulag ýolunyň açylmagynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
«Gyrgyzystandan Hazar deňziniň üstünden deňiz paromlaryny ulanmak arkaly Özbegistanyň we Türkmenistanyň üsti bilen Russiýa harytlary eltmek üçin halkara multimodal ýoly işlemek boýunça bilelikdäki netijeli işler alnyp barylýar. Ýakyn geljekde ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ösmegine goşant goşjak täze ugry işe girizjekdigimize umyt edýärin» — diýip, ýolbaşçy belledi.