Kabulda TOPH taslamasynyň tehniki we kanuny taraplary boýunça pikir alşyldy
Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow Owganystanyň magdan we nebit ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Hedaýatullah Badri bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilişiniň gidişi we beýleki möhüm meseleler barada pikir alşyldy. Bu barada «Bakhtar News» ministrligiň Metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, diplomat ministri täze wezipä bellenilmegi bilen gutlady we oňa üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem TOPH taslamasyndaky häzirki ýagdaýlar, esasan hem tehniki we hukuk nukdaýnazaryndan edilen işler, şonuň ýaly-da ýakyn wagtda meýilleşdirilen amaly ädimler barada iň täze maglumatlary berdi.
Taraplar TOPH boýunça işleri mundan beýläk-de ösdürmegiň we çaltlaşdyrmagyň möhümdigini aýtdylar. Hedaýatullah Badri ministrligiň taslamany gysga wagtda tamamlamaga gyzyklanýandygyny tassyklady.