Daşkentde "Türkmenistanda öndürilen" atly türkmen harytlarynyň sergisi açyldy
Özbegistanyň paýtagtynda "Türkmenistanda öndürilen" atly türkmen harytlarynyň milli sergisi açyldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew we Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýew gatnaşdylar. Myhmanlaryň arasynda söwda-senagat edaralarynyň wekilleri, telekeçiler, diplomatlar we žurnalistler hem bar.
Bu sergi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gazananlaryny we mümkinçiliklerini görkezýär. Sergide 13 sany döwlet edarasy we 60 sany türkmen kärhanasy öz önümleri bilen çykyş edýär. Bu ýere gelen myhmanlar halylar, zergärçilik we tekstil önümleri, gurluşyk materiallary, hojalyk we senagat himiýasy, azyk önümleri ýaly harytlaryň giň toplumy bilen tanyşyp bilerler.
Sergi şeýle-de türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga gönükdirilen iş duşuşyklary we gepleşikleri üçin meýdança bolup hyzmat eder.