Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsümi başlandy
Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsümi başlandy.
12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň, şeýle-de orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalary tassyklanyldy. Okuwa kabul etmegi 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly — 26-njy awgusty aralygynda guramak, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi. Bu möhüm möwsümiň talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak hakynda Buýruga hem gol çekdi. Resminama laýyklykda, Döwlet toparyna 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy. Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary, orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi.
Ýurdumyzda ýokary bilimli, kämil ahlakly, özbaşdak çözgüt kabul edip bilýän, işjeň hünärmenleri taýýarlamak möhüm wezipeleriň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, dünýäde intellektual we tehnologik bäsdeşligiň döwründe bilim döwletimiziň döwrüň talabyna laýyklykda hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün edip biljek kesgitleýji şert bolup durýar.
Jemgyýetiň ykdysady, syýasy, ruhy ösüşi, ilkinji nobatda, nesilleriň hünär taýdan taýýarlygyna baglydyr. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan baş çykarýan ýokary bilimli milli hünärmenleri taýýarlamagyň netijeli ulgamynyň döredilmegine aýratyn üns berýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 8-si «UI GreenMetric» dünýä reýtinginiň 2023-nji ýylda çap edilen sanawyna girizildi. Bu reýting uniwersitetleriň ekologik infrastrukturany kämilleşdirmek boýunça tagallalaryna we olaryň daşky gurşawy goramak ulgamynda durnukly ösüşe goşýan goşandyna baha berýär. Geçen ýylyň maglumatlaryna görä, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 9-sy Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasynyň işjeň agzasy bolup durýar.
Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde elektron okuw portallary döredildi. Olar elektron bilim maglumatyny, okuw sapaklarynyň wideoýazgylaryny, synaglary geçirmek ulgamyny, bilim we synag bahalarynyň žurnallaryny özünde jemleýär.
Türkmenistanda durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri daşary ýurtly kärdeşleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýärler we öňdebaryjy dünýä tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalaryny, meýilnamalaryny, okuw kitaplaryny, gollanmalary yzygiderli kämilleşdirýärler. Raýatlaryň alan döwrebap bilimleri milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda iş ýüzünde peýdalanylmalydyr. Çünki häzirki wagtda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça giň möçberli özgertmeler maksatnamalary durmuşa geçirilýär.
Dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsüminiň eýýäm ilkinji gününden başlap işjeň häsiýete eýe bolandygyny bellemek gerek. Bu bolsa türkmen ýaşlarynyň täze bilimleri, hünär ussatlygyny ele almaga, ýurdumyzyň intellektual we ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga goşant goşmaga çalyşýandyklaryny tassyklaýar. Bu möwsümiň öňüsyrasynda ýaşlaryň, mekdep uçurymlarynyň arasynda köpçülikleýin wagyz-düşündiriş işleriniň geçirilendigini, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine, olarda geçirilen «Açyk gapylar» günlerine bagyşlanan ýörite telegepleşikleriň görkezilendigini, makalalaryň çap edilendigini bellemek gerek.