Daşkent şäherinde Türkmen-özbek işewürlik geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi

15-nji iýulda Daşkent şäherinde Türkmen-özbek işewürlik geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi.

 

Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow, özbek tarapyna Özbegistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary D.Rasulow ýolbaşçylyk etdi.

 

Mejlisiň dowamynda taraplar iki ýurduň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini, hususan-da energetika, ulag, logistika, oba hojalygy, derman senagaty we syýahatçylyk pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Şeýle-de, iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek meselelerine garaldy.