Aşgabat ylalaşygyna goşmaça teswirnama gol çekildi
Aşgabat Ylalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Awazada geçirilen Utgaşdyryjy geňeşiniň ikinji mejlisinde Türkmenistan, Eýran, Özbegistan we Gazagystan Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda ylalaşyga (Aşgabat ylalaşygy) Goşmaça teswirnama gol çekdiler.
Çäre Eýranyň, Omanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň hökümetleriniň arasynda Ylalaşyga gol çekilmegine 11 ýyl bolandan soň bolup geçdi. Soňra Ylalaşyga, şeýle hem, Gazagystan, Katar we Hindistan goşuldy, häzirki wagtda bolsa Pakistanyň goşulyşmagyna garaşylýar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew mejlise giriş sözünde resmi Aşgabadyň ulag ulgamynda giň hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp baryp, ulag boýunça halkara konwensiýalarynyň 12-sine goşuldy hem-de bu ulgamda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kararnamalaryň dördüsiniň kabul edilmegi baradaky başlangyçlar bilen çykyş etdi.
Mejlise gatnaşyjylar halkara awtoulag gatnawlaryna gatnaşýanlarawiza düzgünini ýönekeýleşdirmäge, ikitaraplaýyn we üstaşyr awtoulag ýük daşamlaryny ösdürmek üçin päsgelçilikleri aradan aýyrmaga degişli birnäçe meselelere garadylar.
Şol sanda bir nusganyň bolmagyna hem-de demir ýollar arkaly ýük daşamalarda, şeýle hem, awtomobil ulaglary arkaly döwlet serhetlerinden geçilende ýük daşamalar bilen baglanyşykly bolan ulag hyzmatlary üçin alynýan ýygymlaryň we tölegleriň deňeçer möçberde bolmagy babatda ýeke-täk töleg nyrhynyň kesgitlenilmegine üns berildi.