Russiýa “Demirgazyk - Günorta” geçelgesiniň dündogar şahasy arkaly ýük gatnawyny artdyrýar
“Rossiýskiýe železnyýe dorogi” (RŽD) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň direktorynyň orunbasary Mihail Glazkow demir ýollary arkaly eksporta niýetlenen ýük harytlarynyň göz öňünde tutulan meýilnamasynyň ýerine ýetirilendigini mälim edýär.
Şu ýylyň aprel aýyndan bäri “Demirgazyk - Günorta” halkara ulag geçelgesiniň Türkmenistanyň üstünden geçýän gündogar şahasy arkaly yzygiderli konteýner gatnawlary amala aşyrylyp, bu babatdaky görkeziji ýokarlanýar.
Bu ugur boýunça eksporta iberilýän harytlaryň agramly bölegi ýurduň Moskwa, Çelýabinsk we Kareliýa sebitlerinde öndürilendir. Durnukly ýük gatnawlaryny amala aşyrmak we artdyrmak maksady bilen degişli demir ýol düzümlerinde döwrebaplaşdyryş işleri işjeň alnyp barylýar.