Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

Daşkent şäherinde Türkmen-özbek Işewürlik geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow, özbek tarapyna Özbegistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary D.Rasulow ýolbaşçylyk etdi.

 

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, mejlisiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da energetika, ulag, logistika, oba hojalygy, derman senagaty we syýahatçylyk pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri boýunça has giňişleýin pikir alşyldy.

 

Mundan başga-da, taraplar Türkmenistanyň we Özbegistanyň Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek meselelerine hem garadylar.