«Türkmenistan-BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň 2-nji mejlisi geçirildi
Sişenbe güni, 16-njy iýulda Aşgabatda "Türkmenistan-BMG" Strategik maslahat beriş geňeşiniň ikinji ýygnagy geçirildi. Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilen mejlisiň gün tertibinde BMG-niň Baş Sekretarynyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijelerine seredildi, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň “2025-nji ýyl, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak" ýyly atly Karanamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýurtda we daşary ýurtlarda meýilleşdirilýän çäreleriň Meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda Antoniu Guterrişiň bu saparynyň Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhyndaky aýratyn ähmiýeti bellendi, gatnaşyjylar gazanylan netijeleriň hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirip öňa täze itergi berjekdigini bellediler.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji umumy mejlisinde, 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, 2025-nji ýylyň "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" diýlip yglan edilmegi baradaky ylalaşyk esasynda halkara jemgyýetçiliginde parahatçylykly dialog medeniýetini ösdürmek boýunça çäreleri dowam etdirmegi aňladýan 78/266 Kararnama kabul edildi.
Duşuşygyň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan bu Kararnamanyň bilelikde hereket etmek üçin meýdança hökmünde kabul edilmegi, ýüze çykýan gapma-garşylykly ýagdaýlaryň parahatçylykly, syýasy we diplomatik ýollar we usullar arkaly çözülmegine we döwletleriň arasyndaky ynamly gatnaşyklary güýçlendirmek üçin niýetlenendigi hem bellendi. Bu barada Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda habar berilýär.
"Türkmenistan-BMG" Strategik maslahat beriş geňeşiniň 1-nji mejlisi 2024-nji ýylyň 3-nji maýynda geçirildi.
BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterriş 2024-nji ýylyň 5-6-njy iýuly aralygynda Aşgabat şäherine amala aşyran resmi saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy. BMG-niň Baş Sekretary Aşgabatdaky Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň iş alyp barmagy boýunça döredilip berlen mümkinçilikler üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistan tarapyndan alnyp barylýan Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berdi.