Türkmenistanyň daşary işler ministri Gazagystanyň täze ilçisi bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň tertibini ara alyp maslahatlaşdy
Daşary işler ministri Raşid Meredow 16-njy iýulda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy we onuň ynanç hatynyň nusgalaryny kabul etdi.
R.Meredow ilçini bu wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň oňa diplomatik işlerinde goldaw we hemaýat bermäge hemişe taýýardygyny aýtdy.
Diplomatlar dürli ugurlary öz içine alýan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň berýän habarynda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösýändigi barada aýdylýar.
Syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ýaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm ugurlary boýunça meselelere hem garaldy. Taraplar iň ýokary derejedäki gatnaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmekde ähmiýetiniň ulydygyny biragyzdan bellediler. Mundan başga-da, söhbetdeşler Hökümetara, parlamentara, pudagara we iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüş depginine hem ünsi çekdiler.
DIM-niň berýän habarynda, sebitara we halkara gün tertibindäki özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleler boýunça hem pikir alyşylandygy bellenýär.
"Orient" ozal, Nurlan Nogaýewiň Aşgabat şäherine gelmeginden öň Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşandygyny habar berdi. Bu duşuşykda Kasym-Žomart Tokaýew täze ilçä ýakyn wagtda geçiriljek ýokary derejeli gepleşikleriň mazmunyny hil taýdan täze derejä çykarmak meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.