Gazagystan türkmen gazynyň Hytaýa geçirilýän mukdaryny artdyrar
2024-nji ýylda Gazagystan türkmen hem-de özbek gazynyň Hytaýa geçýän mukdaryny 37,1 milliard kub metre çenli artdyrar. Munuň özi tebigy gazyň bu ýerden geçýän böleginiň 1,5 milliard kub metre çenli artdyryljakdygyny görkezýär. Bu barada 16-njy iýulda geçirilen Hökümetiň mejlisinde gaz pudagynyň ýeten sepgitleri hakynda çykyş eden Gazagystanyň energetika ministri Almasad Satkaliýewiň belländigini «NewsCentralAsia» habar berýär.
Onuň hasabatynda rus gazynyň Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna geçirilmegi baradaky maglumatlara hem giň orun berildi. Ýeri gelende bellesek, geçen ýylyň oktýabr aýynda rus gazyny Özbegistana tranzit etmek ýola goýlupdy.
Mundan başga-da, rus gazynyň Gyrgyzystana geçirilýän möçberini artdyrmak meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar.