Dünýäniň dürli şäherlerinden Aşgabada uçuşlara uçuş biletleri onlaýn-satuwa çykaryldy

«Türkmenistan» uçar kompaniýasy dünýäniň dürli şäherlerinden Aşgabada uçuşlara biletleriň onlaýn-satuwa çykarylandygyny ýatlatdy. Degişli bildiriş kompaniýanyň resmi saýtynda peýda boldy. 

 

«Hormatly ýolagçylar! Biziň saýtymyzda Moskwa, Kazan, Deli, London, Pekin we Frankfurt ýaly şäherlerden yzyna Aşgabada uçuş biletlerini satyn alyp biljekdigiňizi Siziň dykgatyňyza ýetirýäris!» - diýlip, bildirişde aýdylýar.

 

Uçar kompaniýasynyň saýtynda uçar biletleriniň bahalary aşakdakylardyr:

— Moskwa — Aşgabat: 4876,9 ТМТ

— Kazan — Aşgabat: 4823,3 ТМТ

— Deli — Aşgabat: 5540,6 ТМТ

— London — Aşgabat: 9132,9 ТМТ

— Pekin — Aşgabat: 9053,1 ТМТ

— Frankfurt — Aşgabat: 8393,4 ТМТ

 

Biletleri onlaýn görnüşde Türkmenistanyň «Altyn asyr» içerki töleg ulgamyna birikdirilen bank kartlarynyň üsti bilen türkmen manadyna satyn alyp bolýar.

 

Uçar biletlerini daşary ýurt walýutasyna uçar kompaniýasynyň daşary ýurtlardaky ofislerinden we wekilhanalaryndan satyn alyp bolýar. Olaryň sanawy şu salgylanma boýunça elýeterdir.